Aşgabadyň köçelerinde garyň arassalanmazlygy ilaty surnukdyrýar, köçe-ýol hadysalary bolýar
Автор: Azatlyk Radiosy
Загружено: 2026-01-23
Просмотров: 1818
Описание:
Azatlyk Radiosynyň Telegram hasabyna ýazylyň https://t.me/azatlykradiosy
Şu günki programmamyzda:
Türkmenistanda “Arkadag” futbol toparynyň Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” topary bilen futbol ýaryşyna taýýarlyk görülýär. Duşuşyk 2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçiriler. Şu günler Olimpiýa stadionynda taýýarlyk çäreleri geçirilýär, emma bu sport maşklaryna degişli bolman, eýsem oňa tomaşa etjek 'janköýerlere' degişli.
Şu hepdäniň başynda Aşgabatda howanyň -1 gradusa çenli sowap, garyň ýagmagy bilen, köçeleri gar basdy. Indi birnäçe gün bäri arassalanmaýan gar-ýagyn üýşmekleri köçeleriň sürçek bolmagyna, ulag hadysalarynyň ýüze çykmagyna getirdi. Munuň bilen bir wagtda, paýtagtyň ençeme etrapçasynda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlary kadaly we talaba laýyk işlemeýär.
Kreml Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan geçirilen we dört sagada golaý dowam eden gepleşikleriň netijesine kanagatlanma bildirdi, bu bolsa Ak Tamyň myhman wekiliýeti bilen gijeki duşuşykdan soň Ukraina garşy urşuny bes etmek üçin özüniň berk territorial talaplaryny ýumşatmandygyny görkezýär.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
#habarlar
Повторяем попытку...
Доступные форматы для скачивания:
Скачать видео
-
Информация по загрузке: