Maýyplaryň alýan kömek pullary esasy zerurlyklaryna ýetmeýär - çeşmeler
Автор: Azatlyk Radiosy
Загружено: 2026-01-20
Просмотров: 2089
Описание:
Azatlyk Radiosynyň Telegram hasabyna ýazylyň https://t.me/azatlykradiosy
Şu günki programmamyzda:
Türkmenistanyň döwlet edaralarynda we kärhanalarynda prezidentiň hem-de onuň kakasy Halk Maslahatynyň başlygynyň täze portretleri, döwlet şygarlary şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän haýyr-sahawat fondy üçin ilatdan pul toplamak boýunça iş alnyp barylýar. Her ýyl bolşy ýaly şu gezek hem býujet işgärlerine pul tabşyrmagyň hökmanydygy duýduryldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu kampaniýanyň şu günler Balkan welaýatyndaky geçişi barada habar berdiler.
Azatlygyň çeşmeleri döwletden maýyplyk kömegini alýan adamlaryň gün-güzeran ýagdaýlarynyň geçen ýyldakysyndan has kynlaşandygyny, kömek pullarynyň bu ýyl 10% hem ýokarlanmazlygynyň ozalam zordan gün aýlaýan adamlara goşmaça urgy bolandygyny habar berýärler.
Eýran şu hepde internet çäklendirmelerini ýatyrmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy, hökümete garşy protestleriň rehimsiz basylyp ýatyrylmagynyň jikme-jiklikleri ýurduň daşyna ýaýraýar, müňlerçe adamyň ölendigi habar berilýär. ABŞ-da ýerleşýän HRANA hukuk guramasy 18-nji ýanwara çenli 3919 protestçiniň ölümini tassyklaýandygyny, goşmaça 8949 ölümiň bolsa gözden geçirilýändigini aýtdy.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
#habarlar
Повторяем попытку...
Доступные форматы для скачивания:
Скачать видео
-
Информация по загрузке: