Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi
Автор: AK ÖÝ
Загружено: 2026-03-16
Просмотров: 76
Описание:
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, şu gün goňşy Eýran halkyna, ilkinji nobatda bolsa çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik ýüki iberildi.
Derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň hem-de beýleki önümleriň ynsanperwerlik hökmünde ugradylmagy türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden nusgalyk ýagşy dessurlarynyň, asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň agzalary goňşy ýurduň çagalaryna niýetlenilen ynsanperwer kömegiň ähmiýetini bellediler. Şeýle-de olar goňşy ýurda iberilýän ynsanperwerlik ýükleriniň ýolunyň ak bolmagyny, olaryň sag-aman baryp gowuşmagyny Beýik Biribardan dileg etdiler.
Повторяем попытку...
Доступные форматы для скачивания:
Скачать видео
-
Информация по загрузке: