Aýmämmet Aşyrow — "At çapar I" | türkmen halk sazy (arhiwden)
Автор: Mirasym
Загружено: 2024-09-21
Просмотров: 292
Описание:
Dutar sazlar | arhiwden
Türkmen halk sazy "At çapar I"
AÝMÄMMET AŞYROW
(1934–1992)
Aýmämmet Aşyrow 1934-nji ýylda Aşgabat şäherinde eneden dogulýar. Aýmämmediň neberelerinde başga-da saz bilen meşgul bolanlar bolupdyr. Ýagny, ýurdumyzyň aýdym-saz sungatynda belli gyjakçy Çary Ödekow Aýmämmetleriň neberesinden bolupdyr. Aýmämmediň ýaşlygy Beýik Watançylyk urşunyň agyr ýyllarynda geçýär. Ýaşlygyndan dutar çalmaklyga uly höwesi bolup, onuň bar küýi, işi dutar çalmak bolýar. Aýmämmetler Aşgabadyň köne Budýonnyý diýen ýerinde oturar ekenler. Bu obada şol wagtlar meşhur bagşy‑sazandalaryň birnäçesi ýaşaýar ekenler. Aýmämmetler meşhur sazanda Jepbar Hansähedowlar bilen goňşy bolup ýaşapdyrlar. Aýmämmet döwletimiziň dürli künjeginden gelen zehinli ýaşlar bilen bir hatarda 1944-nji ýylda meşhur sazanda Mylly Täçmyradowyň halk saz gurallary ansamblyna gatnap başlaýar. Ol halk sazlaryny ussat halypadan irginsiz öwrenýär.
Aýmämmet Aşyrow şol ansamblda işlän döwründe Türkmenistanyň halk artistleri Sahy Jepbarow, Kiçi Geldimyradow, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Abdylla Amanjaýew, Dörtguly Durdyýew, Nurjemal Adyýewa, Geldimämmet Orazgulyýew ýaly belli bagşylaryň ýanynda sazandarlyk edýär. Aýmämmet Aşyrow ömrüniň ahyryna çenli Türkmen telewideniýesiniň halk saz gurallary ansamblynda dutarçy-sazanda bolup işleýär. Aýmämmet Aşyrow öz halypasy meşhur sazanda Mylly aga bagyşlap «Halypama» diýen sazy döredýär. Ondan başga-da «Şöhrat mukamy» diýen sazyny döredýär. Ol sazlar biziň sazandalarymyzyň repertuaryny şu güne çenli bezäp gelýär.
Türkmen saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin 1981-nji ýylda Aýmämmet Aşyrowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen belent at dakylýar. Aýmämmet Aşyrow 1992-nji ýylda Aşgabatda aradan çykýar.
Çeşmesi: Türkmen halk saz gurallarynda ýerine ýetirijiligiň taryhy – 98-nji sah. –Aşgabat – 2012
#Aýmämmet_Aşyrow #turkmenmusic #dutarsazlary
Повторяем попытку...
Доступные форматы для скачивания:
Скачать видео
-
Информация по загрузке: