HG: Balkanly mugallymlar zähmet dynç alşynda abatlaýyş we otag işlerine gatnaşmaga mejbur edilýär
Автор: Azatlyk Radiosy
Загружено: 2025-07-04
Просмотров: 2759
Описание:
Şu günki programmamyzda:
Uçar we otly biletleriniň ýetmezçiliginiň fonunda, araçylar biletleri daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sosial ulgamlardaky toparlarynda gymmat bahadan hödürlenýär. Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmenistanlylar biletlere mätäç adamlaryň özüni araçy diýip, tanyşdyrýan hilegärleriň duzagyna düşmegi bilen bagly ýagdaýlaryň seýrek däldigini gürrüň berdiler.
Türkmenistanda soňky ýyllarda her hili näsaglyklardan, şol sanda bil agyrysyndan, gryža diýlip bilinýän ingi derdinden ejir çekýän hassalaryň barha köpelýändigi habar berilýär.
Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 1-nji iýulda bilim we terbiýeçilik işgärleriniň aglabasy üçin 45 günlük kanuny zähmet dynç alyş möwsümi başlandy. Muňa garamazdan, Balkan welaýatynda zähmet rugsadyndaky mugallymlaryň tas ählisinden abatlaýyş we gowaça meýdanlarynda otag işlerine gatnaşmak talap edilýär. Bu ýagdaýlar barada balkanly mugallymlaryň onlarçasy anonimlik şertinde 3-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
#habarlar
Повторяем попытку...
Доступные форматы для скачивания:
Скачать видео
-
Информация по загрузке: