ycliper

Популярное

Музыка Кино и Анимация Автомобили Животные Спорт Путешествия Игры Юмор

Интересные видео

2025 Сериалы Трейлеры Новости Как сделать Видеоуроки Diy своими руками

Топ запросов

смотреть а4 schoolboy runaway турецкий сериал смотреть мультфильмы эдисон
Скачать

Magtymguly Pyragy - Gana geldim/Ynsan omri barada/Goshgy/Туркмен гошгы

Автор: Milli Miras

Загружено: 2025-06-08

Просмотров: 103

Описание: Magtymguly Pyragy - Gana geldim/Ynsan omri barada/Goshgy/Туркмен гошгы #turkmengosgy #magtymguly

#ene #kabam #pyragy #walide #magtymguly #turkmengosgy #pyragy #turkmen #turkmendili #ganageldim #nahanageldim

Magtymguly Pyragy "GANA GELDIM"

Ata bilinden düşdüm, ene rehmine geldim,
Kyrk köwn bilen çykyp, bir zerre gana geldim.
Bir mahyýy-bijanam, derýa-ummana geldim,
Dört aý, on dört sagatda dirildim, jana geldim,
Dokuz aý tamam oldy, şonda jahana geldim.

Atam-enem söýdüler, göterdiler gujaga,
Geýimlerim geýdirip, buladylar gundaga,
Gähi emedeklärdim, gäh turardym aýaga,
Ene süýdün emerdim, dönerdim sola-saga,
Iki ýaşa ýetemde, iýmäge nana geldim.

Üç ýaşyma ýetemde, oýnaýyban gülerdim,
Bäş ýaşyma baramda, eneden zat dilärdim,
Ýedi ýaşa ýetemde, dost-duşmanym bilerdim,
Dokuz ýaşa ýetemde, bäş wagt namaz kylardym,
On ýaşyma ýetemde, edep-ekrana geldim.

On ikide her kime gyňralyp söz gatardym,
On üç ýaşa ýetemde, agyr mejlis tutardym,
On bäşime ýetemde, tiri-tüpeň atardym,
On ýedige baramda, yşk söwdasyn göterdim,
Yşkyň söwdasy bilen sürüp, meýdana geldim.

On ýediden geçen soň, şöhrat öýüne girdim,
Aldym bir näzenini, zowk ile sapa sürdüm,
Bu gunçaýy-gülzaryň elwan gülüni tirdim,
Ýigrimiýe ýetende, pelek jebrini gördüm,
Pelek aldy ýarymy, ejel gamhana geldim.

Otuza girdi ömrüm, girdim tir-u kemana,
Köňül hyruç eýledi, boldum däli-diwana,
At münüp, ýarag baglap, sürüp girdim meýdana,
Rüstemi-Destan kimin söweş kyldym merdana,
Kyrka ýetende ömrüm, okyp, Gurhana geldim.

Kyrkdan öter bolanda, gitdim elli ýaşyma,
Geldi ölüm nyşany, rehne girdi dişime,
Her kim garry diýerdi, haýran galdym işime,
Gojaldym, düşgün oldum, gowga geldi başyma,
Ele hasa göterip, dogry mekana geldim.

Altmyşa gitdi ömrüm, görmez oldy gözlerim,
Gojaldym, düşgün oldy, gyşa döndi ýazlarym,
Meniň sözüm etmesler hem ogul, hem gyzlarym,
Äleme hoş gelmedi meniň şirin sözlerim,
Äleme ýalbarmakdan düşdüm, amana geldim.

Ýetmişe bardy ömrüm, aglar idim zary-zar,
Gözümden ýaş giderdi misli ebri-nowbahar,
Gulaklarym gapylyp, gözlerim tutdy gubar,
Daşyma ýygyldylar kowum-gardaş, her ne bar,
Geýimlerim soýuldy, tagty-rowana geldim.

Ýatyr erdim bisterde, nägäh Ezraýyl geldi,
Bilbil dilim baglanyp, gyzyl ýüzlerim soldy,
Ýüz müň jepa-jebr ilen jismimden janym aldy,
Dünýäni puç geçirdim, barça armanym galdy,
Geldi ölüm nyşany, ajal gamhana geldim.

Gassal golun çyzganyp, meýdimi ýuwdular päk,
Agaç ata mündürip, eltdiler ol suýy-häk,
Ezraýylnyň jeňinden ruhum oldy çäk-çäk,
Iki gürzli topuldy, sehmnäk-u gazapnäk,
Ruhum teslim etdiler, dirildim, jana geldim.

Soradylar: «Eý adam, diý, görem, halyň nedir,
Dünýäde haýr etmediň, bu kyl-u kalyň nedir,
Gitdiň şeýtan raýyna, jowap-sowalyň nedir,
Imdi toprak astynda, ylmy-kemalyň nedir»,
Gürzi saldy depämden, çäki-hemana geldim.

Jandan diýdim: «Ýa, Aly!» tapyldy Şahymerdan,
Agaýy-müşgil güşat, ol emiri-möminan,
Magtymguly diýr, janym diýme sen oňa gurban,
Ol Münkeri-Nekirler durmadylar bir zaman,
Şol ýerde Repbim görüp, dogry mekana geldim.

Не удается загрузить Youtube-плеер. Проверьте блокировку Youtube в вашей сети.
Повторяем попытку...
Magtymguly Pyragy - Gana geldim/Ynsan omri barada/Goshgy/Туркмен гошгы

Поделиться в:

Доступные форматы для скачивания:

Скачать видео

  • Информация по загрузке:

Скачать аудио

Похожие видео

Magtymguly Pyragy - Ahyrzaman Goshgular Toplumy/Ахырзамана/Goshgy/Туркмен гошгы  #pyragy #magtymguly

Magtymguly Pyragy - Ahyrzaman Goshgular Toplumy/Ахырзамана/Goshgy/Туркмен гошгы #pyragy #magtymguly

Magtymguly Pyragy - Goshgular Toplumy 1 sagat

Magtymguly Pyragy - Goshgular Toplumy 1 sagat

Nawet Tyson się go bał! Butterbean – najgroźniejszy nokauter wagi superciężkiej

Nawet Tyson się go bał! Butterbean – najgroźniejszy nokauter wagi superciężkiej

Körpeler üçin goşgular/Milli Miras/Turkmen dili/korpeler/ene dili #turkmendili  #turkmen #cartoon

Körpeler üçin goşgular/Milli Miras/Turkmen dili/korpeler/ene dili #turkmendili #turkmen #cartoon

Magtymguly Pyragy-Jana geldim

Magtymguly Pyragy-Jana geldim

Uğursuz” denilen yetim kız… meğer herkese şans getiren bir mucizeymiş

Uğursuz” denilen yetim kız… meğer herkese şans getiren bir mucizeymiş

Magtymguly- Günähim güzeşt eýle/Goshgy/Туркмен гошгы/Махтумкули #turkmengosgy #pyragy #magtymguly

Magtymguly- Günähim güzeşt eýle/Goshgy/Туркмен гошгы/Махтумкули #turkmengosgy #pyragy #magtymguly

Ogłoszono stan wyjątkowy / Pilna decyzja prezydenta / USA zaczynają walkę

Ogłoszono stan wyjątkowy / Pilna decyzja prezydenta / USA zaczynają walkę

Ezizgeldi Helleňow   Çagalyga ýeke pursat syýahat

Ezizgeldi Helleňow Çagalyga ýeke pursat syýahat

Magtymguly-  Türkmeniň Türkmen Binasy Äleme belgilidir /Janly ses/ #janlyses #magtymguly #türkmen

Magtymguly- Türkmeniň Türkmen Binasy Äleme belgilidir /Janly ses/ #janlyses #magtymguly #türkmen

🇹🇲 MAGTYMGULY 🇹🇲

🇹🇲 MAGTYMGULY 🇹🇲 "Paýany bolmaz" #turkmenistan #turkmensahra #asgabat #turkmensahra #туркменистан

CEO'nun Şok Yıldırım Nikahı: Köylü Gelin Meğer Ülkenin En Zengin Kadınıymış!

CEO'nun Şok Yıldırım Nikahı: Köylü Gelin Meğer Ülkenin En Zengin Kadınıymış!

Harplyk/K harpy/Milli Miras/Turkmen dili/korpeler/ene dili#turkmendili #turkmenistan #cartoon #korpe

Harplyk/K harpy/Milli Miras/Turkmen dili/korpeler/ene dili#turkmendili #turkmenistan #cartoon #korpe

Gelse gerekdir (Magtymguly Pyragy) #magtymguly #gelsegerekdir #muhammetbayramow

Gelse gerekdir (Magtymguly Pyragy) #magtymguly #gelsegerekdir #muhammetbayramow

Magtymguly Pyragy-Habar ey dost/Goshgular Toplumy#pyragy #turkmengosgy #magtymguly #tarih #turkmen

Magtymguly Pyragy-Habar ey dost/Goshgular Toplumy#pyragy #turkmengosgy #magtymguly #tarih #turkmen

Гитара, песни, разговоры. Прямой эфир live

Гитара, песни, разговоры. Прямой эфир live

Magtymguly-Gelse gerekdir/SAZSYZ/Ahyrzamana/Ахырзаман/Туркмен гошгы #turkmengosgy #pyrag #magtymguly

Magtymguly-Gelse gerekdir/SAZSYZ/Ahyrzamana/Ахырзаман/Туркмен гошгы #turkmengosgy #pyrag #magtymguly

© 2025 ycliper. Все права защищены.



  • Контакты
  • О нас
  • Политика конфиденциальности



Контакты для правообладателей: [email protected]