HSTU-nyň talyplary “Garagum HJ” önümçilik zawodynda
Автор: InAshgabat
Загружено: 2025-12-05
Просмотров: 65
Описание:
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň (HSTU) talyplary Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän “Garagum HJ” dokalmadyk matalar önümçilik kärhanasyna gurnalyp geçirilen tölegli okuw gezelenjine gatnaşdylar.
Gezelenjiň dowamynda talyplar “Garagum HJ”-de alnyp barylýan önümçilik işleriniň dürli tapgyrlary bilen tanyşdylar. Hususan-da, senagatda we sarp edijiler üçin giňden ulanylýan spunbond, melt-blown ýaly häzirki zaman tehnologiýalary boýunça giňişleýin maglumat aldylar. Şeýle hem kärhananyň hil dolandyryş ulgamlary, innowasion çemeleşmeleri we dokalmadyk matalaryň dünýä önümçiligindäki orny barada öwrendiler.
Okuw saparyna TSTP Aşgabat şäher Komitetiniň Ýaş telekeçiler merkeziniň utgaşdyryjysy Merdan Ataýew ýolbaşçylyk etdi. Ol şeýle gezelençleriň ýaşlaryň önümçilik boýunça tejribe alşyny giňeldýändigini, ýokary okuw jaýlary bilen önümçilikleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýandygyny aýratyn belledi.
Talyplar döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, gezelenjiň ýurdumyzyň senagat mümkinçilikleri baradaky düşünjelerini giňeldendigini hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryna we işewürlik başarnyklaryna bolan gyzyklanyşyny has-da artdyrandygyny bellediler.
Повторяем попытку...
Доступные форматы для скачивания:
Скачать видео
-
Информация по загрузке: