Eýran harbylary Türkmenistana oppozision kanalyň hemra ýaýlymy boýunça “açyk duýduryş berdi"
Автор: Azatlyk Radiosy
Загружено: 2026-03-17
Просмотров: 12694
Описание:
Azatlyk Radiosynyň Telegram hasabyna ýazylyň https://t.me/azatlykradiosy
Şu günki programmamyzda:
Eýranyň harbylary Türkmenistana öz emeli hemrasy arkaly oppozision Iran International satellit kanalynyň signalyny berýändigi üçin “açyk duýduryş yglan etdi" diýip, Britaniýadan ýaýlym berýän kanalyň 16-njy martda media we hukuk toparlaryna ýollan beýanatynda aýdylýar.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky Bekdaş gümrük geçelgesinde ýurda dolanýan türkmen raýatlaryndan, neşe maddalaryny ulanýandygyny ýa-da ulanmaýandygyny anyklamak boýunça, gan barlaglaryny almak ýola goýuldy.
Ahal welaýatyndaky habarçymyz Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjylarynyň sarygarynja ‘belasyndan dat edýändiklerini’ habar berýär. Azatlyk ýurtda uly alada döredýän, oba adamlarynyň iň esasy we zerur emlägi bolan jaýlaryna wehim salýan sarygarynja meselesine geçen ýylyň aprelinde, 2024-nji ýylyň iýunynda, 2023-nji ýylyň oktýabrynda hem ünsi çekipdi.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
#habarlar
Повторяем попытку...
Доступные форматы для скачивания:
Скачать видео
-
Информация по загрузке: